“Ykdysady nazaryýet” bäsleşigi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar
ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň talyplarynyň internet bäsleşiginde
gazanan üstünlikleri
       Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda talyp ýaşlaryň bilimlerini
kämilleşdirmek we olaryň ylym-bilime höweslerini artdyrmak maksady bilen
ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda       Türkmen     döwlet    
maliýe     institutynyň     guramagynda
11.04.2025-nji ýylda “Ykdysady
nazaryýet” ugry boýunça internet bäsleşigi geçirildi.
      Çekeleşikli geçen  internet test bäsleşiginde “Ykdysady
nazaryýet” ugry boýunça Annagurban Garalyýew 1-nji oruna, Sona Jumakulyýewa,
Gözel Hallyýewa, Orazgözel Durdyýewa, Elnura Şuhratowa bolsa 3-nji orunlara mynasyp
boldular. Bäsleşigiň jemi jemlenenden soň aprel aýynyň ahyryna ýeňiş gazanan
talyplarymyzy I we III derejeli diplomlar we sowgatlar bilen sylagladylar.
Şeýle-de bäsleşige ylmy taýdan ýolbaşçylyk eden we taýýarlan mugallymlar Laçyn
Keminäýewa we Ogulgözel Çaryýewa “Minnetdarlyk haty” bilen sylaglandylar.  Biz hem talyplarymyzy gazanan ýeňişleri bilen
tüýs ýüregimizden  gutlap, geljekde
geçiriljek bäsleşiklerde hem  uly
üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.
    Ýaşlara şeýle giň mümkinçilikleri döredip
berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden
minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý, olaryň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli,
döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 









Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 2060-njy (Aba Annaýew) köçe, 51.







Telefon belgiler:
tel.: 36-89-54, 36-83-28.